Habarlar

TGÝMJ-iň  2024 –nji  ýylyň   dekabr  aýynyň  24-ne   Gahryman Arkadagymyzyň täze “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu  dabara TGÝMJ-niň işgärleri, meýletinçiler we myhmanlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigi barada TGÝMJ-niň Başlygy M. Açilowa öz çykyşynda belläp geçdi. Şeýle hem, ol Milli Liderimiziň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljek nesiller üçin gymmatly hazynadygyny nygtap geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. “Hakyda göwheri” atly täze kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Dabarada halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygy aýdyldy. Hut şu jähtden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys.

Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyza mundan beýläk-de galamynyň ýiti, döredijilik äleminde gadamynyň dowamat-dowam bolmagyny, täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

           

 

 

 

 

16576723
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3170
14331
157796
292623
16576723

Siziň IP: 18.222.102.248
2025-02-11