Habarlar

Şu ýylyň dekabr aýynda “Merkezi Aziýada ýer titremäniň we tebygy betbagtçylygyň ýokary töwekgelçiligi bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek boýunça ýerli we milli mümkünçiligi berkitmek taslamasynyň” çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi tarapyndan döredilip,  işewürlerden ýbarat bolan jemi  3 sany  ýerli  komitetleriň arasynda,  Tejen etrabynda iki  sany, Ak bugadaý etraplarynda bir sany okuw çäresi  geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  komitetiň agzalaryna  Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmak düzgünleri, ilkinji kömek bermegiň endikleri, howanyň üýtgemegi  we tebigy  betbagtçylyklara tewekgelçiligine we  gowşaklygyna  baha bermek, kesgitlenen zerurlyklara  esaslanyp ýerli  komitetleriň agzalary we meýletinçileriň   mumkinçiliklerini  ýokarlandyrmak   ýaly  okuw  maslahatlary  geçirildi. Netijede ýerli işewürleriň bilimleriniň artmagyna getirdi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý

Milli jemgyýetiniň Ahal Welaýat bölüminiň

,,ADÝD” bölümçesiniň müdiri                                                              A. Aşyrow.

 

 

16391905
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3844
13929
265601
476699
16391905

Siziň IP: 3.138.122.24
2025-01-30