Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döwletli çagalaryň arasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat bölüminiň meýletinçileriniň we şäheriň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy, olar özleriniň taýýarlan baýramçylyk sahnalaryny we tanslaryny milli lybaslarda uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Şeýelde bu dabara sungat ussatlary, baýramyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşyp çagalaryň arasynda dürli görnüşli gyzykly oýunlary gurnadylar. Şeýle çäreleriň biri hem Daşoguz welaýatynyň saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynyň çagalarynyň arasynda geçirililip, täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalara täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.