Şu ýylyň 3-nji dekabrda TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň “Gaýrat” meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri Halkara Maýyplar güni mynasybetli çäre gurnadylar. Meýletinçiler jemgyýetde ynsanperwerligi ösdürmek maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep-internatynda biriinji synpdan üçünji synpa çenli ses we sözleýiş taýdan kemçilikli çagalaryň arasynda geçirdiler.
Çäräniň baş maksady bolsa maýyp çagalaryň durmuşyna pozitiw täsir ýetirmek we olaryň döredijilik ukyplaryny goldamak boldy. Şeýlelikde, çäre meýletinçiler tarapyndan taýýarlanan çyzgylary, aplikasiýalary döretmäge gatnaşdylar. Olar reňkli kagyzlary kesip, taýýar çyzgylara ýelmäp, özboluşly suratlary döretdiler. Bu bolsa çagalaryň gözlerinden döredijilik işlerine gyzyklanma we joşgun döretdi. Meýletinçiler çagalaryň her birine goldaw berip, olaryň erkin döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmäge ýardam berdiler. Çäräniň ahyrynda okuwçylara meýletinçiler tarapyndan ýygnalan ýumşak oýunjaklary gowşuryldy. Bu bolsa, çagalaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrdy.
TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileri jemgyýetde agzybirligi we ynsanperwerligi ösdürmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Halkara Maýyplar güni mynasybetli gurnalan bu çäre hem olaryň üstünlikli başlangyçlarynyň biridir. Bu çäre diňe bir maýyp çagalar üçin däl, eýsem, meýletinçileriň özleri üçin hem ruhy gymmatly boldy.
TGÝMJ-niň Lebap welaýaty bölüminiň ýaşlar we meýletinçiler
boýunça hünärmeni Jumaýew Dawran.