Habarlar

2024-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň hünärmenleri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki 54-nji çagalar bagynyň körpejeleriň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çagalar bagynda  terbiýelenýän çagalar üçin olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmek, sporta bolan höwesini artdyrmak, ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygyna aýdym-tanslar we goşgular bilen taýýarlykly barmak, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, seýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerine doly eýermek bilen özleriniň saglygyny goramak, gyş paslynyň ýetip gelmegi bilen elektrikli enjamlary ulanmazlyk, otluçöp oýnamazlyk,   ýaly derwaýys gürrüňler edildi. Çäräniň dowamynda çagalar bilen sorag jogaplar alyşyldy.  

 

 

TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň hünärmeni   

Aknabat Welliýewa                           

 

 

 

 

Sentyabr 2026
Du Si Ca Pe An Se Ye
31 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 1 2 3 4
24719826
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
15147
22734
545733
418619
24719826

Siziň IP: 216.73.216.28
2026-09-28

Связь с нами