Habarlar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Başlygy Açilowa Maral Almazowna    hem-de Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň wekili Saparow Ýagşygeldi Soltanmyradowiç ýurdumyzyň medeni we ruhy mirasyny wagyz etmekde hem-de jemgyýetçilik işlerinde gazanan hyzmatlary üçin "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Bu ýokary sylag, türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň mirasynyň dünýä derejesinde wagyz edilmegine goşan şahsy goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar. Sylaglanan wekiller Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdiler. Olar ýerine ýetiren işleriniň we gazanan üstünlikleriniň geljekde has hem ýokary sepgitlere ýetmegine bolan hyjuwyny nygtap, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini bellediler. Türkmen halkynyň medeni mirasyny hem-de ynsanperwer gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda aýratyn tapawutlanan şahsyýetleriň sylaglanmagy, olaryň geljekki işlerine ruhlandyryjy täsir edýär. Bu çäre döwletimiziň her bir raýatynyň yhlasly we döredijilikli zähmetine belent baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sylaglanan şahsyýetleriň indiki nesillere görelde bolup, jemgyýetçilik işlerinde we ynsanperwerlik başlangyçlarynda uly üstünliklere ýetmegini arzuw edýäris.

16576899
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3346
14331
157972
292623
16576899

Siziň IP: 18.188.247.133
2025-02-11