BAŞ SAHYPA

    2017-nji ýylyň 19-njy we 20-nji oktýabr aralygynda TGÝMJ-niň “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň utgaşdyryjysynyň we TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça hünärmeniniň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebinde esgerleriň we serkerdeleriň arasynda ’’Halkara ynsanperwerlik hukugy”, Ženewa Konwensiýalary we oňa goşmaça teswirnamalar, “Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý” herketiniň döreýşi, taryhy we esasgoýujy ýörelgeleri, Maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek we gözleg gullugy, “Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý” nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda hem-de TGÝMJ-niň alyp barýan işleri barada maglumat beriji okuw çäresi geçirildi we wideo filim görkezidi. Okuw çäresiniň jeminde esgerler we serkerdeler TGÝMJ-niň işgärlerine minnetdarlyklaryny bildirdiler.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16074576
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3330
13307
424971
430988
16074576

Siziň IP: 3.145.179.30
2024-12-28