BAŞ SAHYPA

       TGYMJ-niň işgärleri Aşgabat şäherindäki BMG-nyň binasynda Alamtydaky BMG-nyň BIBÝKW-niň Sebitleýin wekilhanasyndan gelen hanym Urara Furukawa, gorag meseleler boýunça uly sebitleýin wekili hem-de jenap Daniel Ruiz, Gorag meseleler boýunça sebitleýin wekili bilelikde geçirilen adamlary wagtlaýyn yaşaýyş şertler bilen üpjün etmek hem-de çadyrly lagerleriň işini ýola goýmak meseleler boýunça iki günlük okuw maslahatyna gatnaşdylar. Okuw maslahaty gatnaşyjylara üçin amaly we tejribe okuwlary geçirildi. Amaly okuwda diňleýjilere tejribe alyşmaga mümkinçilik döredildi. Tejribe okuwlary meýdanda bolup, bu ýerde TGÝMJ-niň işgärlerine tarapyndan çadyr gurmaklygy owretmek işi tabşyryldy. Okuwyň soňunda Alamtydaky BMG-nyň BIBÝKW-niň Sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri okuw gollanmalary we çadyrlary ulanmak mümkinçiligini döredeni üçin TGÝMJ-ne öz minetdarlygyn bildirdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16065721
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7782
15929
416116
430988
16065721

Siziň IP: 18.118.126.69
2024-12-27