BAŞ SAHYPA

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, asudalygy kepillendirilýär. Agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde bolsa, hemişe uly sepgitlere ýetilýär. Munuň şeýledigine biz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen günlerinde yene bir gezek göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden çuň manyly çykyşynda “Häzirki döwürde Türkmenistan doly hukuk bilen päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýip atlandyrylýar” diýip aýtdy. Hormatly Arkadagymyzyň bu sözleriniň hakykatdygyna bolsa biz, Aziada oýunlarynyň geçirilen günlerinde şaýat bolduk. Ine V Aziýa oýunlary Gahryman Arkadagymyza, eziz Türkmenistanymyza şan getirdi, ýatdan çykmajak, hakykada müdimi orun aljak waka boldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowan eden günlerinde daşary ýurtlaryň teleradio ýaýlymlary oýunlaryň gidişi barada yzygiderli maglumat berdiler. Olaryň halkymyz, milli Liderimiz, Türkmenistanymyz barada aýdylan hoş sözler bolsa, depämizi göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden taryhy çykyşynda “2017-nji ýylyň Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň düzümi boýunça hem, sport ugurlarynyň sany boýunça hem köp babatda özboluşly, aýratyn häsiýete eýedir. Şoňa göra-de bu oýunlar bilen baglanşykly “Ilkinji gezek” sözüniň ýygy-ýygydan aydylmagy geň ýagdaý däldir. Bu oýunlar ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde geçirilýär. Men şu ýagdaýyň biziň sebitimizde sporty ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine, onuň halkara sport işlerine mundan beýläk-de has ýakyndan we işjeň çekilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip aýtdy. Bu şeýle-de boldy, V Aziýa oýunlarynda biziň türgenlerimiz bilen bir hatarda beýleki döwletlerden gelen türgenler hem üstünlikli çykyş etdiler. Mähriban Mertebesi Belent Arkadagymyzyň biziň ýaş Meýletinçilerimiziň uly işleri ýerine ýetirendigini aýratyn belläp geçdi. TGÝMJ-niň agzybir meýletinçileri hem öz gezeginde oýunlaryň geçiş döwründe öz zähmetlerini, ukyplaryny gaýgyrman işlediler. TGÝMJ-niň işgärleri, agzalary we meýletinçileri öz gezeginde, Hormatly Prezidentimize başynyň dik, janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16082697
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11451
13307
433092
430988
16082697

Siziň IP: 3.145.109.231
2024-12-28