BAŞ SAHYPA

    2017-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Italýanyň Gyzyl Hajy bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti arasyndaky “Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň meýilnamasynyň çäginde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň № 7-nji mekdebinde, Ak bugdaý etrabynyň № 27 we № 28-nji orta mekdeplerinde, Gökdepe etrabynyň № 23 we 32 -nji orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Kaka, Ak bugdaý, we Gökdepe etrap Ýangyn howpsuzlyk bölümçeleriniň gözegçileriniň gatnaşmaklarynda mekdeplerde ýangyn dörän ýagdaýynda özüňi alyp baryş kadalary boýunça, ýörite ýangyna garşy enjamlaryň ulanylyşy boýunça we ýangyn ewakuasiýa türgenleşiklerini doly we dogry berjeý etmekligi barada düşündiriş – amaly çäreler geçirildi. Geçirilen çärede meýletinçileriň we ýerli jemgyýetiniň aňyny has-da guýçlendirmek maksady bilen ýangyn howpundan ägä bolmagy ündeýän plakatlar we broşuralar paýlanyldy. Geçirilen çärelere jemi 30 meýletinçi gatnaşdy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16056735
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
14725
16382
407130
430988
16056735

Siziň IP: 3.138.120.112
2024-12-26