BAŞ SAHYPA

     2017-nji ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Assambleýasy geçirildi. Bu çärä, Türkmeistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň geçiş döwründe gurnalan sergide TGÝMJ-ti hem özüniň soňky ýyllarda ýeten sepgitlerini aýdyň görkezýän sergisi bilen gatnaşdy.
Türk Gyzyl Aýynyň döredilmeginiň 150 ýyllygy mynasybetli TGÝMJ-niň adyndan Türk Gyzyl Aýyna ýadygärlik sowgatlar gowşyryldy.
     2017-nji ýylyň 06-njy noýabrynda 21-nji Baş Assambleýanyň dabaraly açylyşy boldy. Şoňra Assambleýa gatnaşýan Milli jemgyýetler sanaldy, jemi 178 sany Milli jemgyýet gatnaşyp Assambleýany geçirmek üçin kworumyň bardygyny yglan edildi. GHGÝHF-niň Prezidenti T.Kanoýenyň geçen 4 ýylda GHGÝHF-nyň geçiren işleri barada hasabaty diňlendi, ol öz çykyşynda GHGÝHF-nyň Prezidenti wezipesine 2009-njy ýylda saýlanandygyny we 2013-nji ýylda bolsa, ikinji möhlete saýlanyp, Hereketiň jebisligi üçin birnäçe işleri geçirendigini aýdyp geçdi. 2013-nji ýyldan bäri T.Kanoýe 70 döwlete barandygyny we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň işine ýardam bermek maksady bilen ýokary derejede duşuşyklary geçirendigini aýratyn belläp geçdi.
06-njy noýabrda GHGÝHF-niň Prezidentiniň we sebitler boýunça wise-prezident wezipelerine daşlaşgärleriň saýlaw çykyşlary diňlendi. Assambleýa gatnaşýan 178 sany Milli jemgyýetlere ses bermek kadalary düşündirildi.
      Baş Assambleýanyň ikinji gününde saýlawlar geçirildi we GHGÝHF-niň Prezidentiniň wezipesine 98 sany Milli Jemgyýetiň ses bermegi bilen Italiýanyň Gyzyl Hajynyň başlygy F.Rokko ýeňiji boldy. Ýewropa sebiti boýunça 116 sany Mili Jemgyýetiň goldamagynda Türk Gyzyl Aýynyň başlygy Kerem Kinik wise-prezidentlige saýlandy.
      Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş Assambleýasynyň ýygnaklarynyň arakesmelerinde Assambleýa gatnaşýan adamlar gurnalan sergilere aýlandylar, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň sergisi kop sanly adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Gelen adamlara Jemgyýetiň hojalyk bölüminiň müdiri Döwran Çarymow we meýletinçi Guwanç Jahangirow Jemgyýetiň alyp barýan işleri, esasan hem maliýe durnuklylygy gazanmak üçin girizilýän işiň täze ugurlaryny giňişleýin düşündirdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16048618
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6608
16382
399013
430988
16048618

Siziň IP: 3.138.113.44
2024-12-26