“Ýangyn howpsuzlygy, howpy peseltmek we täsir etmek” taslamasynyň çäginde 2017- nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Niýazow adyndaky etrabynyň 60-njy orta mekdebinde Ýangyn howpsuzlygy boýunça okuw sapagy we wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Bu okuw sapagynda yaş mekdep okuwçylaryna ýangyn söndüriji enjamlary nahili ulanmalydygy we ýangyn dörän ýagdaýynda özüňi alyp barmak düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, ýaş mekdep okuwçylarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen olara öýlerde, okuw jaýlarynda we tebigatda elektrik enjamlar, ýangyn döredip biljek beýleki enjamlar bilen seresaply ulanmaklary wagyz edýän ýatlatmalar, plakatlar we bukletler paýlandy.