Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, özüniň döredilen gününden, eýýäm 90 ýyl bäri özüniň beýik ynsanperwerlik işini - kyn ýagdaýa düşen adamlara kömek bermek işini abraý bilen ýerine ýetirip gelýär. Emma täze eýýama laýyklykda, alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, ynsanperwerlik işiň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şu maksat bilen, 2015-nji ýylda TGÝMJ-niň merkezi geňeşiniň karary bilen Jemgyýetiň ýanynda tikinçilik ussahanasy açyldy. Bu öwrediji ussahananyň esasy maksady: mümkinçiligi çäkli bolan ýaşlara tikinçilik hünärini öwretmek. “Tälim öwredip bolmajak” çagalaryň ýokdygyna Biz berk ynanýarys. Her bir çaga, uly adamlaryň işjeň gatnaşmagynda ýokary sepgitlere ýetip biler. Okuw tapgyrynyň dowamynda tejribeli tälimçileriň baştutanlygynda, maýyplyk derejesi bolan 20 sany ýaşlar, senagatda ulanylýan tikin maşynlarda tikinçilik işini öwrendiler. Ýaşlar el süpürgüçlerini, öňlükleri, gelşikli ýassyklary we başgalary tikmegi öwrendiler. “Öwrediji tikinçilik ussahanada” öwrenen hünärleri, maýyplyk derejesi bolan ýaşlara durmuşa çalt uýgunlaşmaga ýardam eder.