BAŞ SAHYPA

      Ýaşlar bilen iş alyp barmak Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň köptaraply işinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary terbiýelemekde alyp barýan syýasatyndan ugur almak bilen, Jemgyýet häzirki zaman talaplarynyň esasynda ýaşlar bilen köptaraply işleri geçirýär. Her ýyl TGÝMJ-i çagalary tomusky dynç alyş merkezlerine ugradyp, olaryň Türkmenistan döwletimizde çagalar üçin döredilýän ähli eşretlerden peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Ynha, bu ýyl hem, TGÝMJ-i tarapyndan Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän mekdepleriň göreldeli, erjel we zehinli çagalary höweslendirmek maksady bilen, ýigrimi sany çagany Awazada ýerleşýän “Daýanç” çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezine dynç almaga ugratdy. Çagalar özleri üçin döredilen bu mümkinçilik baradaky habary uly şowgun bilen garşy aldylar. 2017-nji ýylyň 15-nji iýulynda TGÝMJ-niň jokapkär işgärleri Aşgabat şäheriniň demir menzilinden çagalara ak ýol, saglyk we üstünlik arzuw edip, Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagy bolan Awaza ugratdylar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Yanwar 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
16247401
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
5011
13299
121097
476699
16247401

Siziň IP: 18.119.103.8
2025-01-09