BAŞ SAHYPA

       Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasada ýugrulan syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygy, onuň abadançylygy, asudalygy, ahlak taýdan arassalygy Watanymyzyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi.
Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak wezipesi ähli zatlary öz içine alýan ulgamdyr we milletiň, aýratyn alnan her bir adamyň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň gündelik hakykatydyr. Munuň özi iň häzirkizaman lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalaryň gurulmagy hem, ekologiýa baradaky aladalarda hem, köpçülikleýin sport hereketlerini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn-ýaşaýyş durmuş ýörelgeleriniň endiklerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny ornaşdyrmakdada hem öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň möhüm iş ugurlarynyň biri ilatyň saglygyny we ömrüni gorap saklamaga gönükdirilen saglygy goraýyş maksatly işleriň hilini gowulandyrmakdyr Jemgyýetiň işgärleri ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň, şol sanda temmäki tüssesiniň adam bedenine zyýany hakynda maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barýarlar.
        2017-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, beýleki hyzmatdaş edaralar we guramalar bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň ,,Aşgabat” seýilgahinde Bütindünýä temmäkä garşy göreş günine köpçülikleýin çäräni geçirdi.
       Çäräniň esasy maksady sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler alnyp baryldy. Jemgyýetiň meýletinçileri seýilgähe gelen ýaşlaryň arasynda zyýanly endikler, sagdyn durmuş endikleriň peýdasy barada sorag-jogap bäsleşigini geçirdiler. Bu çärä gatnaşan raýatlara 100 golaý sowgat paýlanyldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan seýilgähde çäge aýmançasy gurnalyp ýaş çagalaryň arasynda gyzykly oýunlar, surat çekmek usullaryny öwredip çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat edildi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda ýaş nesliň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakda geçirilen temmäkä garşy göreş çäresi guwanç bilen jemlendi.

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15574193
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8638
13503
355576
609071
15574193

Siziň IP: 18.117.105.215
2024-11-24