BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň, Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň hünärmenleri tarapyndan, "Saglyk" Döwlet maksatnamasyna esaslanyp, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak, ýokanç we ýokanç däl kesellere, zyýanly endiklere  garşy  göreşmek maksady bilen, talyp ýaşlaryň, mugallymaryň arasynda okuw sapagy geçirildi. Sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky düşünjäni köpçüligiň aňynda berk ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat işleri ilatyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga, keselçiligiň derejesini peseltmäge, keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.  Munyň özi döwletiň berk binýady bolan sagdyn jemgyýetiň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697233
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13086
14101
47628
430988
15697233

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04