BAŞ SAHYPA

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet gullukçylarynyň ýurdumyzyň syýasy ideologiýasynda jemgyýetçilik başlangyçlarynda we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda öňe sürýän ynsanperwerlik ýörelgeleri barada Akademiýanyň Döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak ugrunyň 1-nji we 2-nji ýylyk diňleýjileri bilen Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň agzalarynyň “Täze eýýamyň Galkynyşy döwri – jebislik, agzybirlik we ynsan mertebesiniň dabaralanmagy” ady bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinden Guramaçylyk ösüşi bölüminden – Kümüş Tulekowa; Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek taslamasynyň utgaşdyryjysy – Jemile Gawrilowa; Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminden – Maýsa Ataýewa we Jennet Gulmyradowa; Halkara ynsanperwerlik hukugy we adatdan daşary ýagdaýlar bölüminden – Selbi Ýagşymyradowa; Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek gözleg gullugy bölüminden – Anastasiýa Belýaýewa dagylar çykyş edip bu guramanyň işleri bilen içgin tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmeniň gadymdan gelýän milli ýörelgelerindäki haýyr-sahabat düşünjelerini halkara derejelerinde utgaşdyrýan bu guramanyň işgärleriniň çykyşlary dabara gatnaşýanlarda ýokary gyzyklanma döretdi. Esasan hem bu guramanyň ilkinji kömek boýunça okuwlaryna gatnaşmak isleýän we agzalygyna, meýletinçi toparlaryna goşulmak isleýän diňleýjileriň sany artdy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15966247
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10499
21971
316642
430988
15966247

Siziň IP: 18.117.148.9
2024-12-21