BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bolup  Ýaşulylar gününi bellemek we bu aýratyn günde ýatdan çykmajak pursatlary bilelikde geçirmek maksady bilen Aşgabatdaky garrylar öýüne baryp gördük.       Her meýletinçiniň esasy maksady, ýaşulylarymyzyň ýüzünde mähirli ýylgyryşy görmekdi!  Öňki  aýdymlary bilelikde aýdanymyzda we olaryň bilýän filmlerinden sahnalary görkezenimizde, hemmeleriň gözünde parlak öwüşgin gördüm. Käbir meýletinçiler olar üçin çuňňur manyly ajaýyp goşgulary okadylar. Bu baýramçylyk diňe bir garrylary däl, eýsem hemmämizi begendirdi!      Garrylar öýüne baryp görmek birnäçe sagat dowam etdi, ýöne ondan galan aýdyň duýgular ýüregimizde hemişelik ýaşar.      Meniň pikirimçe, kimdir biriniň ýylgyrmagyna sebäp bolmakdan has uly bagt duýgusy ýok. Olar bilen wagt geçirmek buýsançlydy. Şeýle pursatlar mende  ajaýyp, rahat duýgulary galdyrdy. Meýletinçileriň biri hökmünde dünýäni hoşniýetlilik bilen gurşap almaga synanyşýan şeýle ajaýyp toparyň hataryna goşulandygym üçin özümi bagtly saýýaryn!“Jeýhun” Meýletinçiler merkezi

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2024
Du Si Ca Pe An Se Ye
25 26 27 28 29 30 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 31 1 2 3 4 5
15697869
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13722
14101
48264
430988
15697869

Siziň IP: 18.97.9.171
2024-12-04