BAŞ SAHYPA

Häzirki sapaly tomus paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde eziz Diýarymyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip,ol şatlyk-şowhuna,ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär.

Ýaş nesilleri tomsuň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň dürl künjeklerindäki köp sanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri giňden gujak açyp garşylady.Ol ýerlerde dynç alyp,saglygyny berkidýän bagtyýar çagalaryň her gününiň manyly we gyzykly geçmegi üçin ähli şertler döredilendir. Aşgabat şäheriniň ‘’Altyn Ýyldyz’’  atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. TGÝMJ-niň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda,adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmagyň düzgünleri,sagdyn iýmitlenmek,arassyçylyk düzgünleri,internet maglumatlaryny dogry ulanmak ýaly mowzuklardan  wagyz-nesihat işleri geçirildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15209687
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7500
15899
600141
508799
15209687

Siziň IP: 3.137.216.227
2024-10-31