BAŞ SAHYPA

Daşoguz welaýatynyň “Bagtyýar nesil” atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerde ýaş nesliň dynç almak bilen bir hatarda dürli gurnaklara gatnamaklary, sport bilen meşgullanmaklary we wagtlaryny manyly hem-de täsirli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleri bilen bilelikde amaly okuw türgenleşigi geçirildi. Çagalar aýyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda ewakuasiýa endiklerini kämilleşdirdiler. Çagalar hadysalar ýüze çykan ýagdaýlaryna has golaýlaşdyrylan şertlere taýýarlyk gördüler. Şeýle türgenleşikler tebigy betbagtçyklaryň zyýanyny azaltmak bilen çäklenmän eýsem, çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan wagtynda we ondan soňra özüňi alyp barmagyň düzgünlerine taýýarlaýar. Çagalar toparlarda agyzbirlikde  adatdan daşary ýagdaýlara  tiz duýmak we olara başarnykly täsir etmekligi öwrendiler. 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15964102
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8354
21971
314497
430988
15964102

Siziň IP: 3.144.172.81
2024-12-21