BAŞ SAHYPA

Aşgabat şäheriniň ‘’Çynar’’  atly döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň dynç alyş günlerini şadyýan geçirmekleri üçin ýokary derejede hyzmat edýär.TGÝMJ-niň  hünärmenleri 2024-nji ýylyň 17-njy iýunynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy  bilen bilelikde  döredilen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat beriji,bäsleşik geçirildi.Bäsleşige 1,2 we 3-nji ýeniji orunlary eýelän toparlara höweslendiriji sowgatlar berildi.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15964032
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8284
21971
314427
430988
15964032

Siziň IP: 3.16.82.20
2024-12-21