Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykaran 824 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky Döwlet toparynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna” laýyklykda toplumlaýyn tälim beriş okuwlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji we 11-nji maddalaryna gollanyp, Lebap welaýatynyň häkiminiň 04.04.2024-nji ýyldaky 28B belgili buýrugyna esaslanyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky welaýat toparynyň agzasy bolmak bilen Lebap welaýatynyň raýat goranyş we halas ediş işleri müdirligi, Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirligi, Lebap welaýat Polisiýa müdirligi, Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirligi, Lebap awtomobil ýollary ulanyş müdirligi şeýle-de Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi ýaly Lebap welaýatynyň häkimiýetiniň ýerli dolandyryş edaralary bilen bilelikde welaýatyň Hojambaz etrabynyň çäginde “Adamlaryň Türkmenistana gyssagly köpçülikleýin gelen halatynda, olara wagtlaýyn goragyň berilmegi bilen bagly Lebap welaýatynyň çäklerinde döräp biljek adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek” atly türgenleşik okuwy geçirildi. 350-den gowrak adamyň gatnaşmagyndaky okuw türgenleşiginiň dowamynda ilaty adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, olary guramaçylykly howpsuz guşaklyga göçürip ýerleşdirmek, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň dügünlerini öwretmek boýunça giň gerimli amallar ýerine ýetirildi. Milli Jemgyýetiň Lebap welaýat bölüminiň köp taraply ugurlar boýunça işleýän işgärleri hem-de höwesjeň meýletinçileri tälim-türgenleşik meýdanynda özleriniň iş başarnyklaryny görkezmek bilen ýurdumyzda ynsan goraglylygynyň has wajypdygyny ýene bir gezek subut etdiler.