BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan  paýtagtyň “Laçyn” myhmanhanasynda gurnalan iki günlük iş maslahaty geçirildi. Duşuşygyň maksatnamasyndaky esasy mesele, bu guramanyň içerki resminamalaryny kämilleşdirmek we tassyklamak, ähli welaýatlary we etrap şahamçalary bir internet ulgamyna birleşdirmek. Şol sanda, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminama dolanşugyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeleri öňe sürülýär. Birleşmek işleri, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başlanan  “Türkmenistanda  2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” amala aşyrmagyň çäginde ýerine ýetirilýär. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň hem her birimiziň baş maksadymyzdyr.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15423097
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9908
15403
204480
609071
15423097

Siziň IP: 98.84.25.165
2024-11-14