Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri şäheriň çäginde ýaşaýan Mährem eneler bilen baýramçylyk duşuşyklaryny gurnadylar. Welaýat bölüminiň meýletinçileri Mährem eneleriň öýlerine baryp baýramçylyklary bilen gutladylar. Mährem eneler meýletinçilere birnäçe öwüt-ündewler, täsirli wakalar barada gürrüňler berildiler. Bu gün gelin-gyzlaryň, eziz enelerimiziň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Ene mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Duşuşygyň ahyrynda Mährem enelere welaýat bölümi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu geçirilen duşuşyk meýletinçilerimizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.