BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý  Halkara Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýer titremesiniň ýokary we tebigy betbagtçylyklar bolan adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek we olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” taslamasy öz işine başlady.

Bu taslamany 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli durmuşa geçirilmeklik meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda, TGÝMJ-niň ýerli bölümleriniň üsti bilen, etraplarda 15 sany täze ýerli jemgyýetçilik komitetleri açylar. Başlangyç etapda, ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň agzalary bilen adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmegiň düzgünleri we ilkinji kömegiň düzgünleri barada giriş sapaklary geçiriler. Ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň agzalary hem öz gezeginde  ýerlerde şuňa meňzeş sapaklary geçirmeli bolarlar we şeýlelik bilen has köp ilata ýaýrar. Şeýle hem, Ýerli jemgyýetçilik komitetleriniň tekliplerine esaslanyp, ýagny tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmaga gönükdirilen mitigasiýa taslamalary taýýarlanar we durmuşa geçiriler.

Ýaşlar bilen işlemek, olary milli jemgyýetiň hataryna meýletinçi hökmünde toplamak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we ejir çekenlere ilkinji kömegi bermek meselesine aýratyn üns berler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15639781
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4879
5857
421164
609071
15639781

Siziň IP: 13.58.188.166
2024-11-29