BAŞ SAHYPA

             Türkmenistanyň  Gyzyl  Ýarymaý  Milli jemgyýeti  tarapyndan 2015-nji  ýylyň  sentýabr aýynyň  ahyrynda  we oktýabr aýynyň  ortalarynda  Ahal  we  Balkan  welaýatlarynyň  orta mekdeplerinde “DIPECHO VIII”  taslamasynyň  meýilnamasyna  laýyklykda          mekdep okuwçylary bilen  adatdan  daşary  ýagdaýlarda  özüňi  alyp  barmagyň  düzgünleri we ilkinji  kömegi  bermek    boýunça tejribe türgenleşik   okuwlary  gurnaldy. Mekdep okuwçylary  tebigy  betbagtçylyklarda  ýa-da    adatdan  daşary  ýagdaýlarda jebir  çekýänlere  ilkinji  medisinadan  öňki  kömegini  bermekligiň,  özüňi  alyp  barmagyň düzgünlerini  tejribe türgenleşiklerinde  görkezdiler. Ýangyn  gullugynyň bölümçeleri  hem bu   türgenleşik   okuwlaryna  gatnaşyp öz tejribe  ukyplaryny  artdyrdylar.

                   

                             

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Yanwar 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 31 1 2
16233748
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
4657
14282
107444
476699
16233748

Siziň IP: 3.14.130.58
2025-01-08