BAŞ SAHYPA

                2015-nji  ýylyň  28-nji  awgustynda  Türkmenistanyň  Gyzyl  Ýarymaý  Milli jemgyýeti  tarapyndan  Ahal  we  Balkan  welaýatlarynyň  mekdep  meýletinçiler  toparlarynyň    arasynda   Ahal  welaýatynyň  Gökdere  “Ýaşlyk”   çagalar  dynç alyş  we  sagaldyş  merkezinde  “DIPECHO VIII”  taslamasynyň  meýilnamasyna  laýyklykda  özara  bäsleşik  geçirildi. Toparlar  adatdan  daşary  ýagdaýlarda  ilkinji  kömegi  bermek  boýunça  dürli  wezipeleri  ýerine  ýetirdiler. Bäsleşikde has  tapawutlanan   toparlaryň  meýletinçilerine  gymmat  bahaly  sowgatlar  gowşuryldy.

             

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15621870
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3980
23683
403253
609071
15621870

Siziň IP: 3.21.12.88
2024-11-27