BAŞ SAHYPA

     Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň esasynda,  2015-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Aşgabatda bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen “Türkmenabat şäherindäki mekdep –internatynda ýyladyşhanany gurmaklygyň üsti bilen maýyp çagalara hünär okuwlaryny geçirmek üçin muzdsuz Şertnamasyna” ikitaraplaýyn gol çekildi. Häzirki döwürde bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan degişli işler geçirilýär.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15618164
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
274
23683
399547
609071
15618164

Siziň IP: 3.145.68.167
2024-11-27