BAŞ SAHYPA

Daşoguz Maliýe Orta Hünär Mekdebiniň okuwçylary, TMGÝJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranmak bölüminiň hünärmenleri tarapyndan gurnalan çärä gatnaşdylar. Çäräniň temasy “Adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda ilkinji kömegi bermek üçin meýletinçileriň gözleg we halas ediş işlerinde bilimlerini we başarnyklaryny giňeltmek” barada geçirildi.

 

Çärä gatnaşan ýaşlar ýer titremesi wagtynda halas ediş işlerini nädip guramalydygyny we ilkinji kömek ýörelgelerini berjaý edip, pidalara ilkinji kömegi bermeklerini öwrendiler.

Guramaçylaryň çykyşlary wideo slaýdlar we beýleki maglumat materiallary bilen bilelikde geçirildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15630396
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1351
11155
411779
609071
15630396

Siziň IP: 3.128.31.76
2024-11-28