BAŞ SAHYPA

3-nji dekabrda Daşoguz şäheriniň sport klubynda Halkara maýyplar güni mynasybetli sport ýaryşlary geçirildi. Bu ýaryşlar TGMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin gurnaldy.

Mälim bolşy ýaly, her bir ynsanyň, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşynda sport ägirt uly orny eýeleýär. Ol saglygy berkitmegiň, fiziki we akyl taýdan kämilleşmegiň iň täsirli usulydyr. Şeýle-de sport bilen meşgullanmak, munuň özi jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak we mümkinçiligi çäkli adamlar üçin hemmetaraplaýyn kämilleşmekdir.

Halkara derejesinde bellenilýän sene mynasybetli geçirilen sport çäresinde gatnaşyjylara höweslendirji sowgatlaryň gowşurylmagy we baýramçylyk dabarasynyň gurnalmagy bilen tamamlandy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15629853
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
808
11155
411236
609071
15629853

Siziň IP: 18.216.104.106
2024-11-28