Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri Bütündünýä saglyk gününe bagyşlanan aýyň meýilnamasynyň çäginde birnäçe öňüni alyş we okuw çärelerini geçirdiler.
Sport çäreleri we okuw maslahaty çagalar bakja-bagynda,okuw mekdeplerinde, edaralarda hem-de oba ýaşaýjylarynyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Olaryň esasy mowzuklary ýokanç we ýokanç däl keseller, dogry iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünleri berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini saklamagyň ähmiýeti we sport bilen meşgullanmak barada boldy.