Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärlerine gysga möhletli, “Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary” ady bilen okuw sapaklary geçirildi.
Okuw meýilnamasy bazar ykdysadyýetiniň hukuk upjünçiligi, häzirki zaman etiki kadalary, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ahlak kadalary, dolandyryş psihologiýasy, sagdyn-durmuş ýörelgeleri dersleri öz içine alýar.
Okuwyň ahyrynda synag geçirilip, synagy üstünlikli geçen ähli diňleýjilere şahadatnama gowşuryldy.