BAŞ SAHYPA

    Sport bilen meşgullanmakda halkymyza görelde, nusga bolýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen sport desgalarynda türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, güýçlüleriň hatarynda barha taplanýar. Muňa mysal edip Türkmenistan ýurdumyzda geçirilen V Aziýa oýunlaryny we onuň netijelerini mysal getirip bolar. Ine biz hem öz gezegimizde TGÝMJ-niň merkezi edarasynda ýaşuly nesliň wekilleri hem-de Türkmenistanyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň gyzlar topary, olaryň tälimçisi bilen gyzykly duşuşyk geçirildi. Ilki bilen bu ýere ýygnananlaryň öňünde ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, özlerinde uly täsir galdyran Aşgabat Aziadasy barada, türgenlerimiziň erjelligi, gözel ülkämize gelen köpsanly myhmanlaryň ýokary derejedäki guralan hyzmatlardan, myhmansöýerlikden hoşal bolandyklary hakynda uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Çykyş edenler türkmen alabaýynyň Wepaly diýip atlandyrylmagy biziň halkymyzyň geçmiş taryhy bilen medeni mirasynyň özboluşly sazlaşygy emele getirendigini bellediler. Türgenler hem öz gezeginde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga, türgenleşmäge döredilen mümkinçilikler hakynda, dünýä döwletlerinde özleriniň gazanan ýeňişleri, Aşgabat Aziadasyndaky netijeli çykyşlary barada ýygnananlara täsirli gürrüň berdiler. Soňra türgenler Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlag sözleri aýtmak bilen, bagtyýar gojalara, mährem enelere uzak ömüri, berk jan saglygyn arzuw etdiler. Ýaşulylara TGÝMJ-ti tarapyndan taýarlanan sowgatlary uly hormat bilen gowşuryldy.
        Aziýa oýunlaryna gatnaşan bürinç medalyň eýesi bolan Türkmenistanyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň gyzlar topary öz gezeginde Hormatly Prezidentimize şeýle mümkinçilik döredip bereni üçin tüýs ýüreklerinden münnetdarlyk bildirip, Hormatly Prezidentimize işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16091278
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7272
12760
441673
430988
16091278

Siziň IP: 18.119.118.151
2024-12-29