BAŞ SAHYPA

Bütindünýä Maýyplar güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň «Ałada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri Balkanabat şäherindäki internat mekdebiniň terbiýelenýänler üçin haýyr-sahawaty çäresi  gurnadylar.
Çäräniň maksady aýratyn ünse we goldawa zerur bolan çagalar üçin mähirli, begençli gurşaw döretmekden ybarat boldy. Meýletinçiler her bir çaga aýratyn çemeleşip, olaryň gyzyklanmalary we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, aýratyn maksatnama taýýarladylar.

Çäreniň dowamynda dürli işjeňlikler geçirildi:
— ýagty, şatlykly şekiller bilen akwagrim;
— üns we çeper döredijiligini ösdürýän oýunlar;
— çagalaryň döredijilik ukyplaryny açmaga mümkinçilik berýän surat çekmek sapaklary;
— topar agzybirligini güýçlendirýän woleýbol we basketbol oýunlary;
— şatlykly  we agzybirlik ýagdaýyny döredýän tans flesmob.
Meýletinçiler her bir çaga aýratyn üns berip, olara mähir, şatlyk we baýramçylyk ruhuny bagyşlamaga çalşdylar. Çäräniň ahyrynda ähli terbiýelenijilere süýji sowgatlar gowşuryldy.
Haýyr-sahawaty çäreniň dowamynda jemi 429 internat terbiýelenijisi gatnaşdy.
Bu çäre aladanyň, gatnaşygyň   we edermenligiň hakykatdanam ýatda galyjy baýramçylyk döredip bilýjekdiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi. «Alada» Ýaşlar merkeziniň meýletinçileri geljekde hem çagalary goldamak we jemgyýetde ynsanperwerlik gymmatlyklaryny güýçlendirmek ugrunda işlerini dowam ederler.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
20331866
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10647
12003
218565
347898
20331866

Siziň IP: 216.73.216.121
2025-12-16

Связь с нами