BAŞ SAHYPA

    Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni mynasibetli 2017-njy ýylyň may aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan birnäçe çäreler geçirildi. Şol sanda, sporty we sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek maksady bilen, TGÝMJ-niň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Bütindünýa Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň alyp barýan işleri we esasy ýörelgeleri barada ýerli halkyň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen “Berkarar” söwda- dynç alyş merkezinde uly maglumat beriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we meýletinçileri tarapyndan söwda merkezine gelen adamlaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Sorag-jogap bäsleşigine jemi 500-e golaý adam gatnaşdy. Dogry jogap berenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, dogry jogaby bilmeýanlere düşündiriş işlerini beýan edýän habar beriş broşuralary ýaýradyldy.


                                     

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15579054
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13499
13503
360437
609071
15579054

Siziň IP: 3.145.7.253
2024-11-24