BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) noýabr aýynda geçiren okuw-türgenleşigi üstünlikli tamamlandy. Okuw meýilnamasy Balkan welaýatynyň Awaza zolagynda geçirildi we esasy maksady lukmandan deslapky ilkinji kömek endiklerini öwretmek boýunca  işgärleriň bilimlerini kämilleşdirmekden  ybarat boldy.

 Bu çäre TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň we welaýat bölümleriniň ussat tälimçileriniň ýolbaşçylygynda guramaçylykly ýagdaýda amala aşyryldy. Okuw-türgenleşigi  5 gün dowam edip, oňa 23 sany  tälimçiler, gözükdirijiler we meýletinçilerden  gatnaşdylar. Maslahata Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili Muratjon Soliýew hem gatnaşyp, adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi goramak boýunça düzgünler barada tejribelerini paýlaşdy.

Okuw  kursynyň dowamynda: okuwyň  gurluşy we  geçirilişi,  uly  adamlaryň  okadylyş  ussullary, ilkinji  ruhy  goldaw, ilkinji  kömek  bermegiň  inklýuziw usullaryny, gözükdiriji bolmagyň adimleri  barada  jikme-jik  durulyp  geçildi.   Gatnaşyjylar berlen temalary doly  açmagy   ýagny: prezentasiýa, flipçart  bilen işlemek, beýnä  hüjüm, söhbetdeşlik, oýunlar we netijeleri  jemlemek  bilen,  dürli  ugurlary  ulanyp bildiler. 

 Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar 2024-nji ýyl üçin ilkinji kömek ugry boýunça edilýän işler barada hasabatlaryny hem berdiler. Netijede, TGÝMJ tejribeli gözükdirijileri we tälimçileri taýýarlamakda üstünlik gazandy. Şeýle çäreler geljekde jemgyýetiň işleriniň has netijeli bolmagyna ýardam berer.

 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli

 jemgyýetiniň  meýletiçisi                    A.Durdyýewa 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15966249
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10501
21971
316644
430988
15966249

Siziň IP: 3.137.165.200
2024-12-21