BAŞ SAHYPA

Aslyny gadymýetden alyp gaýdýan halkymyzyň saglyga hem-de sagdyn ýaşaýşa aýratyn üns bermegi netijesinde, ata-babalarymyz nesillerimiziň arassaçylyk kadalaryna eýermeklerini, dogry iýmitlenmeklerini, bedenlerini taplap gezmeklerini gazanypdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän işleriň düýp özeninde bu kadalaryň ýylsaýyn kämilleşip, döwrebaplaşýandygynyň gözli şaýady bolýarys. Biz hem hormatly Prezidentimiziň ýol ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili we meýletinçileri bilen bilelikde, Türkmenbaşy etrabynyň 6-njy çagalar bagynda uly topar çagalaryň arasynda sagdyn iýmitlenip sagdyn bolmagyň usullaryny berjaý etmek boýunça “Sagdyn iýmitlenmek – saglygyň girewidir” ady bilen  çagalaryň arasynda görkezme esbaplaryň, goşgylaryň, ertekileriň, sorag-jogap üsti bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çagalara gök we bakja önümlerini ýuwup iýmek, wagtly-wagtynda iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly peýdaly maslahatlar berildi.   

                 

TGÝMJ-niň BWB-niň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili       G.Begmämmedowa

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15966512
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10764
21971
316907
430988
15966512

Siziň IP: 3.145.68.94
2024-12-21