Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümine meýletinçilige çekmek üçin, Ahal welaýat häkimliginiň 6-njy tehniki hünär okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň, meýletinçileriň we mugallymlaryň gatnaşmagynda ,,TGÝMJ-niň taryhy döreýşi we alyp barýan işleri” ynsanperwer işlerinde meýletinçileriň goşýan goşandy barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirlen çäräniň esasy maksady Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmekden ybarat bolup, ýaşlar bilen meýletinçilik barada sorag- jogap arkaly olaryň jemgyýete goşýan goşantlarynyň gymmatlygy we wajyplygy barada giňişleýin gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Ýaş nesliň ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän atalyk aladasyny durmuşa geçirmekde öz goşandymyzy goşarys.
TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölüminiň Ýaşlar, meýletinçiler
we agzalar işi boýunça hünärmeni A.Öwezowa