BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenistanyň Goranmak ministirligi bilen bilelikde “Halkara ynsanperwerlik hukugy barada bilimleri ýaýratmak” boýunça meýilnamasy esasynda 2024-nji ýylyň noýabr aýynda degişli harby bölümiň esgerleriniň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý  Milli  jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  jemgyýetiniň döreýiş taryhy, ýedi ýörelgesi barada gürrüň berdiler. Soňra diňleýjiler  bilen sorag-jogap alyşyp çäre has-da gyzykly geçdi.

 

 

 TGÝMj-niň Ahal  welaýat bölüminiň Guramaçylyk işleri boýunça  müdiri                                    H.Nurlyýew.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16074283
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3037
13307
424678
430988
16074283

Siziň IP: 3.17.181.112
2024-12-28