BAŞ SAHYPA

2024-nji ýylyň 13-14-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Iş  nokady”  işewürlik  merkezinde  TGÝMJ işgärleri üçin Halkara  Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç Komitetiniň gurnamagynda Täjigistan respublikasyndan gelen Murotjan Soliýew we  Rano Kamalowanyň alyp barmagynda Adatdan daşary ýagdaýlarda “Maşgala gatnaşyklaryny dikeltmek” barada  iki  günlik okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna jemi 12 adam gatnaşdy.

 Adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli bozulan maşgala gatnaşyklaryny dikletmekde, jebir çekenler bilen iş salyşylanda etika we gizlinlik mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşyp çagalar, ýaşulylar we maýyplar ýaly jemgyýetiň gowşak agzalary bilen iş salyşmagyň usulyýetine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar garyndaşlaryny gözlemeklige haýyşnama ugratmaklygyň düzgünnamasy we bu işler babatynda maglumat dolanyşygy we hasabat ýöredilişi bilen tanyşdylar. Ilkinji psihologiki kömegi bermegiň esaslary gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Hünärmenleriň, jebir çekenler bilen iş salyşanlarynda, öz psihologiki durnuklylygyny saklamak üçin, olara öz-özüňe kömek bermeklik babatynda teklipler berildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16074343
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3097
13307
424738
430988
16074343

Siziň IP: 18.216.126.33
2024-12-28