BAŞ SAHYPA

Dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň kadalarynyň ilatyň arasynda düşündiriş işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli  jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň hünärmenleri öz gezeginde şeýle mazmunly çäreleriň çagalar baglaryndan başlap ýokary okuw jaýlarynda, galyberse-de,  edara-guramalarda, zawod-fabrikalarda yzygider geçirilýändigi, biraýlygyň derwaýyslygyna halk köpçüliginiň ünsüni çekmeklik bilen adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryna doly eýermeklige wagyz edildi.

Her hili ýagdaýlar ýüze çykyp adamyň saglygyna şikes ýetende lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünlerini bilmeklik hem her bir raýatyň durmuşynda zerur bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Çykyşlaryň soňunda wideo ýazgylara tomaşa edildi we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri barada gollanma kitapçalar, maglumat beriji neşir önümleri paýlanyldy.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16106866
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
9652
13208
457261
430988
16106866

Siziň IP: 18.118.252.215
2024-12-30