BAŞ SAHYPA

“Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk  toýunda “Watana bolan söýgi” medaly  bilen sylaglanmagymyň   özi uly  bagt  hasap edýärin” diýip Muhabbat  Akyýewa  belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň  Gyzyl  Ýarymaý Milli  jemgyýetiniň  Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminde   hereket  edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän  durmuş  üpjünçilik goldaw  tapgyrynyň paýlanmagyny  dolandyrmak” taslamasynda  on  ýyldan  gowrak  bäri  zähmet  çekýär,  ýurdumyzda  we jemgyýetimizde  ýokanç we ýokanç  däl  keselleriň öňüni  alamak üçin geçirlýän çärelerde  uly goşandyny  goşdy.   Biz  jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerine ynsanperwerlik işinde Şa  serpaýyny ýapyp, ylhamymyza ylham  goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag,  ömürleriniň uzak  bolmagyny, il-ýurt bähbitli  işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýarin.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15964201
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8453
21971
314596
430988
15964201

Siziň IP: 3.144.82.238
2024-12-21