Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň ilatyň arasynda “ Inçekeseliň öňüni almak we gender deňligi” boýunça bilelikdäki meýilnamasy esasynda, Aşgabat dokma toplumynda işçi gelin-gyzlaryň arasynda “Saglygymyzy goralyň” atly mowzuk bilen gürrüňdeşlik - duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýokanç keseli bolan inçekesel barada aýdylyp geçildi. Onuň ýurdymyzda öňüni alyş çäreleri barada iş geçirilýändigi, anyklaýşy we bejergisi barada gürrüň berildi. TGÝMJ-de hereket edýän “Inçekeselli näsaglara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanmagyny dolandyrmak” taslamasynyň çäginde inçekeselli näsaglara bejergini üstünlikli tamamlamak üçin, ruhy–durmuş goldawyny berýändigini aýdyldy. Dokma toplumynda zähmet çekýän gelin- gyzlaryň arasynda, sorag-jogaplaryň üsti bilen uly gyzyklanma döretdi.