BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý  Milli  Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri mydama köpçülikde iliň-güniň ýanynda öz ynsanperwerlik işlerini howes bilen ýerine ýetirýärler.

2024-nji ýylyň  maý aýynyň 29-na “Çagalary goramagyň halkara  günine” bagyşlap Gökdepe etrabynyň medeniýet öýünde dabaraly çäre geçirildi. Geçirilýän çäräniň maksady ýaş çagalarda watana bolan söýgini, wepalylygy, ýaşamaga ,okamaga bolan höwesi döretmekdir. Oňa ynsanperwerlik tertipnamasynyň talabyna gabat gelýän, Gökdepe etrabynda ýaşaýan çagalar hem gatnaşdylar. Çärede tomusky dynç alyşlyga gitjekleriň  dynç alyş günleriniň manyly we gyzykly geçirmeklerini  ýagşy niýetler bilen arzuw etdiler. Çagalar dabaraly ýygnanşykda şatlandylar hem-de dynç aldylar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15964244
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8496
21971
314639
430988
15964244

Siziň IP: 3.137.165.200
2024-12-21