BAŞ SAHYPA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmegine we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirilýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykaran PB-713 belgili buýrugy esasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde zähmet çekýän  aýal-gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15645921
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3933
7086
427304
609071
15645921

Siziň IP: 18.219.207.11
2024-11-30