BAŞ SAHYPA

8-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaýynyň Hereketiniň 160 ýyllygy mynasybetli dabara  geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri  we meýletinçileri, institutyň talyplary gatnaşdy. Dabaranyň çäginde çykyş edenler Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaýynyň gelip çykyşyny, taryhyny, guramanyň maksatlaryny ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler.  Çärä gatnaşyjylarda guramanyň meýletinçileri tarapyndan ýerine ýetirilen kiçiräk sahna we wideorolik has-da höweslenme döretdi

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15611985
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
17778
14629
393368
609071
15611985

Siziň IP: 18.190.176.176
2024-11-26