03.08.2015ý. senesinden 07.08.2015ý. senesi aralygynda Hazar deňziniň kenarynda Awazanyň gözel ýerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň işjeň göwünjeňleri üçin ýaşlaryň tomusky tälim beriş okuw lageri geçirildi. Tälim beriş okuwy her günde geçirildi, her gün tälim alyjylar üçin meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Meýletin gatnaşyjylar inçekesel, neşekeşlik, arakhorluk we beýlekiler ýaly durmuş howply keselleri boýunça özleriniň bilimini çuňlaşdyrdylar. Sapaklarda isleg bildirijiler keseller boýunça diňe bir esasy maglumat edinmän, eýsem tälim berijilerden giň auditoriýanyň içinde “deň deňe tälim bermek” usulyýeti arkaly howply keseller barada giňişleýin bilim edindiler. Ikinji gün mazmuna baý boldy, oglanlar tälim beriş okuwyna gatnaşdylar: interaktiw usulyýeti arkaly “Ýaşaýyş endigi”, liderlik ukybyny ýüze çykarmaklyga we toparda işlemäge bolan ukyba taýýarlyk, belli bir durmuş ýagdaýlaryna esaslanýan tejribe ýumuşlaryny ýerine ýetirmek. Üçünji günde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň isleg bildirijileri lukmana çenli ilkinji kömegiň teoretiki bilimini we praktiki taýdan türgenleşigi edindiler. Soňky günde meýletin gatnaşyjylar “Men tälim beriş işlerini geçirýän” atly resmi däl sapagy boýunça usulyýet işleri bilen tanyş boldylar. Täze bilim edinmekleri, meýletin gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmaklary, kämilleşdirilen liderlik hillleri gumanitar işleri we TGÝMJ-da meýletin hereketleri görkezmeklikde has ýokary netijeleri gazanmaklyga ýol açar.