BAŞ SAHYPA

      Aşgabat şäheri. Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetinde 2015-nji ýylyň  awgust aýynyň 18-22-i aralygynda “Bagt köşgünde”  halkara derejesinde geçirilen  “Ussat-türgenler” üçin okuw treningi geçirildi.  Bu okuwy  TGÝMJ-i tarapyndan  çagyrylan, Türkiýäniň Gyzyl Aý jemgyýetiniň  hünärmenleri Elif Taşkin, Jemal Unal we Şenaý Unal alyp bardylar.   
    Bir hepdäniň dowamynda daşary ýurtdan gelen ussatlar Türkmenistandaky kärdeşlerine  teoriýa we tejribe okuwlary arkaly türgenleriň endiklerini ýokarlandyrmagyň usullaryny öwretdiler.  Jemi Aşgabat şäherinden we bäş welaýatdan 26 türgen okuwa gatnaşdy. Okuwa şeýle köp türgeniň gatnaşmagy 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa olimpia öýunlaryna meýletinçileri taýýarlamagyň möhüm şertleriniň biridir. 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15614063
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
19856
14629
395446
609071
15614063

Siziň IP: 3.136.23.132
2024-11-26