Habarlar

“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen  Saglyk aýynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2026-njy ýylyň iş meýilnamasy esasynda aprel aýynyň 1-30-y  aralygynda  ýurdumyzda  yglan  edilen “Sagdynlyk  we  bagtyýarlyk” atly  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde  beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýyzygiderlikde edara-guramalarda, orta mekdeplerde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, sport bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle-de wagyz-nesihat duşuşyklaryň dowamynda sportuň saglyga uly peýdasynyň bardygy we dogry iýmitlenmek barada aýdylýar. Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem agzybir işgärleriň we meýletinçileriň gatnaşmagynda sportuň dürli gornüşleri boýunça çäreleri geçirdi. Geçirilen sport oýunlarynda işgärler we meýletinçiler özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Işgärler we meýletinçiler küşt, şaşka we basketbol ugry boýunça ýaryşdylar.

 

 

 

 

 

 

 

 

23131993
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10097
16758
258148
454636
23131993

Siziň IP: 216.73.217.142
2026-06-17

Связь с нами