Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlygy esasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleriniň we meýletinçileriniň, şeýle hem Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Daşoguz şäheriniň 28-nji orta mekdebinde «Ýaşyl mekdep döretmek başlangyjynyň» çäklerinde «Mekdepde howpsuzlyk güni» atly çäre geçirildi. Çäräniň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda mekdepleriň howpsuz we bökdençsiz işlemek üçin taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakdan, okuwçylaryň we mekdep işgärleriniň adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmek endiklerini kämilleşdirmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda okuwçylara adatdan daşary ýagdaýlar we dürli heläkçilikler ýüze çykan mahalynda mekdep binasyndan howpsuz we guramaçylykly çykmak, adamlary howpsuz ýere geçirmek boýunça degişli düşündirişler berildi hem-de amaly türgenleşikler geçirildi. Şeýle hem meýletinçiler tarapyndan heläkçilik zerarly ejir çeken adamlara lukmançylyk işgärleri gelýänçä ilkinji kömegi dogry we dessin bermek boýunça görkezme çykyşlary guraldy. Amaly görkezmeleriň dowamynda ilkinji kömegiň esasy usullary barada giňişleýin maglumatlar berlip, howply ýagdaýlarda tiz we dogry hereket etmegiň ähmiýeti nygtaldy. «Mekdepde howpsuzlyk güni» çäresiniň geçirilmegi ýaşlarda howpsuzlyk medeniýetini ösdürmäge, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini azaltmak boýunça bilimlerini artdyrmaga, şeýle hem ilkinji kömek bermek boýunça amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam etdi.







